Volkswagen ID. Buzz ulagyny yzyna çagyrýar. Buzz. Miniwen “çakdan aşa giň” hasaplandy

  • 05.05.2025 12:23
  • 5.6k+

Volkswagen ABŞ-da we Kanadada satylan ähli ID. Buzz miniwenleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Munuň sebäbi juda gülkünç - üçünji hataryň oturgyçlary gaty giň hasaplanyp, Amerikanyň standartlaryna laýyk gelmeýär eken.

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugynyň (NHTSA) habar bermegine görä, üçünji hataryň oturgyçlary iki adama niýetlenen we iki sany howpsuzlyk kemeri bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle-de bolsa, onuň ini bellenen çäkden 55,2 dýuým (takmynan 140 sm) geçýär we üç orunlyk hasaplanýan oturgyjyň inine gabat gelýär.
NHTSA-nyň berýän maglumatlaryna görä, hakykatda uýluklaryň durmaly ýeriniň giňişligi 48 dýuým (122 sm), eginleriňki bolsa 53 dýuým (135 sm) bolmaly. Emma formal giňlik standartdan has artyk gelýär, diýmek, FMVSS 208 standartyna laýyklykda üç howpsuzlyk kemeriniň oturdylmaly.
Volkswagen oturgyjyň aýratyn arka taraplarynyň, kontur bölüminiň bardygyny we diňe iki ýolagçy üçin niýetlenendigini düşündirmäge synanyşdy. Ýöne sazlaýjy formanyň ýa-da gurluşyň däl-de, umumy iniň möhümdigini nygtady.
Çözgüt hökmünde kompaniýa hyzmat merkezlerinde oturgyjyň giňligini kiçeldýän ýörite nakladkalary oturtmagy teklip etdi. Olar gaty materialdan ýasalar we üçünji ýolagçynyň ýerleşmegine mümkinçilik bermez.
Volkswagen 2025-nji ýylyň iýun aýynda ABŞ-da 5637  sany ID. Buzz-nyň eýesine we Kanadada 771 ID. Buzz-nyň eýesine  habar ugradyp başlar. Şondan soň awtoulaglar täze elementleri gurnamak üçin hyzmat merkezine eltilmeli.


18.12.2025 12:17
5.1k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...

15.12.2025 12:11
11k+

Dünýäde iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtingi çap edildi: Toyota — lider, BYD top-5-de

Toyota 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda awtomobil satuwynyň möçberi boýunça ägirt uly artykmaçlygy saklaýar – Ýaponiýanyň awtoägirdi 4,73 million sany ulag satdy (ýyllyk görkezijide 6% ösüş). Şol bir wagtda Hytaý öndürijileri BYD we Geely reýtingde öz orunlaryny ep-esli berkitdiler...

26.11.2025 12:09
3.2k+

Volkswagen Passat sedany täze, gibrid wersiýasyna eýe boldy

Volkswagen kompaniýasy Passat ePro atly goşmaça gibridli (hybrid) Passat sedanyny tanyşdyrdy. Autonews-iň habar bermegine görä, ulagyň premýerasy Guançžou Awto sergisinde boldy. Bu täzelik Hytaý bazary üçin SAIC we nemes kompaniýasy Volkswagen-iň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan döredildi...

18.10.2025 23:02
3.5k+

Volkswagen kompaniýasy Touareg krossoweriniň hoşlaşyk wersiýasyny çykarýar

Volkswagen kompaniýasy 2026-njy ýylda Touareg krossowerini çykarmagy bes edýändigini mälim etdi. Bu waka mynasybetli brend modeliň hoşlaşyk wersiýasyny – Final Edition-y hödürledi. Adaty wersiýalardan tapawutlylykda...