Oskar Piastri Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Norris – ikinji, Rassell – üçünji

  • 05.05.2025 12:13
  • 1.5k+

“Maklaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri 2025-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň altynjy tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.

Ikinji orny onuň britaniýaly topardaşy Lando Norris eýeledi. Üçlügi “Mersedesde” çykyş edýän britaniýaly Jorj Rassell jemledi.
Häzirki dünýä çempiony, “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen pellehana dördünji bolup geldi.
Piastri 131 utuk bilen çempionatyň umumy sanawynda birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda topardaşy Norris (115), üçünji orunda soňky dört möwsümde dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolan Werstappen (99) ýerleşýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” öňde barýar (246 utuk). Şeýle-de, öňdebaryjylaryň üçlügine “Mersedes” (141) we “Red Bull” (105) girýär.
Dünýä çempionatynyň ýedinji tapgyry 16-18-nji maýda Imolada (Italiýa) geçiriler.


düýn 21:49
1.7k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 13:08
770

Jorj Rassell «Formula-1» ýaryşynda möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy

«Mercedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell «Formula-1-iň» Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

28.06.2026 23:41
6.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

22.06.2026 14:40
4.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....