“Al-Ahli” taryhda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 05.05.2025 07:41
  • 9.9k+

“Al-Ahli” saud futbol kluby öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Jiddada (Saud Arabystany) geçirilen final oýnunda topar Ýaponiýanyň “Kawasaki Frontale” klubuny 2:0 hasabynda utdy.

“Al-Ahli” üçin gollary 35-nji minutda Wenderson Galeno we 42-nji minutda Frank Kessi tora girizdi.
Bu “Al-Ahliniň” ýaryşda ilkinji ýeňşi boldy. Ozal klub iki gezek – 1986-njy we 2012-nji ýyllarda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykypdy, ýöne iki gezekde-de utuldy.
Ýarym finalda “Al-Ahli” başga bir saud klubuny – “Al-Hilýaly” utdy. “Kawasaki Frontale” 1/2 final tapgyrynda Kriştianu Ronaldunyň topary “Al-Nasrdan” üstün çykdy. 


düýn 19:36
3.1k+

Iňlis janköýerleriniň 91%-i VAR ulgamyna garşy çykyş etdi

Angliýadaky futbol janköýerleriniň agramly bölegi eminlere wideogözegçilik kömegi ulgamynyň (VAR) ulanylmagyna oňaýsyz baha berýärler. Bu barada Futbol janköýerleriniň birleşiginiň geçiren pikir soraşmasynyň......

01.04.2026 23:41
3.2k+

«Tottenhem» De Dzerbini baş tälimçi belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......

01.04.2026 11:15
10k+

Dünýä çempionaty — 2026-a gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy: Italiýa ýene-de ýaryşdan çetde galdy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň doly düzümi belli boldy. Goşmaça duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek ýaryşa gitjek ähli......

31.03.2026 20:07
12k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......