«Inoue» teleskoby täze enjamy bilen Güni ilkinji gezek surata düşürdi

  • 05.05.2025 00:30
  • 3.8k+

Dünýäde Güni öwrenmek boýunça iň güýçli teleskop bolan «Inoue» Gün teleskopy ilkinji gezek täze enjamyny, ýagny Visible Tunable Filter (VTF) kamerasyny ulanyp, Güni surata düşürdi. Bu barada «Eurekalert» habar berýär.

VTF kamerasy Germaniýadaky Gün fizikasy instituty (KIS) tarapyndan işlenip düzüldi. Bu enjam dünýädäki iň uly spektropolýarimetr bolup, dürli tolkun uzynlyklarynda suratlary düşürmäge we ýagtylygyň polýarizasiýasy boýunça maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa alymlara Günüň atmosferasyndaky magnit meýdanlaryny, plazmany we beýleki elementleri çuňňur öwrenmäge ýardam berýär.
Bir gözegçilik döwründe VTF 10 milliondan gowrak spektri, ýagny ýagtylygyň intensiwligini görkezýän grafikleri ýazga alyp bilýär. Bu maglumatlar Günüň üstündäki temperaturany we magnit meýdanlarynyň güýjüni kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Kamera üç sany sinhronlaşdyrylan modul bilen enjamlaşdyrylandyr, olar birnäçe sekundyň dowamynda ýüzlerçe suraty düşürip bilýär. Her bir modul özboluşly tolkun uzynlygynda işleýär. Alymlar düşürilen suratlary bilelikde seljerip, Günüň gurluşy we häsiýetleri barada üç ölçegli (3D) maglumatlary alýarlar.
Teleskobyň ýokary çözgüdi Gündäki prosesleri 20 kilometrden 40 müň kilometre çenli masştabda takyk yzarlamaga mümkinçilik berýär.


şu gün 14:38
1.5k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....