Emeli aň ýazyjylyk ussatlygy boýunça okuw sapaklaryny geçmegi üçi Agata Kristini “janlandyrar”

  • 04.05.2025 14:20
  • 3.5k+

BBC Maestro platformasyndaky bilim taslamasyna gatnaşdyrmak üçin emeli aň arkaly Agata Kristini “janlandyrarlar”. Iňlis ýazyjysynyň sanly awatary ýazyjylyk ussatlygy boýunça sapak berer diýip, The Independent gazeti habar berdi.

Taslama aktrisa Wiwýen Kin gatnaşar. Ol Kristiniň keşbini dikeltmäge kömek eder. Awtora aňrybaş meňzeşlik şekilleri döredýän AI-niň kömegi bilen gazanylar. Detektiw žanrynyň nusgawy ýazyjysynyň sesi saklanyp galan ses ýazgylarynyň esasynda dikeldiler.
Sapak BBC Maestro onlaýn platformasynda ýerleşdiriler. Onuň mazmuny ýazyjynyň eserlerine we arhiw söhbetdeşliklerine esaslanar. Hünärmenler onuň hekaýanyň gurluşyna, keşpleri döretmeklige we sýužeti ösdürmeklige bolan  çemeleşmesini görkezerler.
Kurs 11 sapakdan ybarat bolar, hersiniň dowamlylygy 20 minuta ýetmeýär. Ony 79 funt sterlinge satyn alyp bolar. Leksiýalarda Kristiniň nädip dartgynly nämälimligi döredip bilendigi, aldawa salýan yzlary girizendigi we sýužeti ussatlyk bilen sepläp bilendigi barada gürrüň berler.
Bu kurs BBC Maestro hyzmatynyň abonentleri üçin elýeterli bolar. Ýyllyk abuna ýazylyşygyň bahasy 120 funt we ýazyjy Jojo Moýesiň döredijiligi ýaly, beýleki kurslary elýeterli etmegi hem öz içine alýar.
Agata Kristi (1890–1976) 60-dan gowrak romanyň awtory. Detektiw žanry boýunça dünýäniň iň meşhur ýazyjylaryndan biridir. Onuň eserleri adamzat taryhynda iň köp neşir edilen kitaplara öwrüldi (Injilden we William Şekspiriň eserlerinden soň ikinji ýerde). Kristiniň kitaplary 4 milliarddan gowrak nusgada çap edildi we dünýäniň 100-den gowrak diline terjime edildi.
Iňlis ýazyjysy tarapyndan döredilen Erkýul Puaro we miss Marpl žanryň nusgawy gahrymanlaryna öwrüldi.


şu gün 11:11
667

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

düýn 12:35
5.5k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......