Mazda dolandyryş bölümindäki kemçilik sebäpli Miata 2025-i satmagy wagtlaýyn togtatdy

  • 04.05.2025 13:37
  • 1.9k+

Mazda garaşylmadyk ýagdaýda 2025-nji model ýylynyň MX-5 Miata rodsterini ABŞ-nyň bazaryna ibermegini wagtlaýyn togtatdy. Munuň sebäbi dolandyryş modulynda bolup biläýjek näsazlykdy. Ulaglar portlaryň ammarlarynda wagtlaýyn saklanýar.

Näsazlygyň resmi jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi. Kompaniýa içerki derňew gutarandan we mesele çözülenden soň, tomusda iberilişiň ýene dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Işiň togtadylandygyna garamazdan, awtoulaglaryň bir bölegi eýýäm alyjylara ýetdi. The Drive neşiriniň habar bermegine görä, 35th Anniversary Edition ýubileý wersiýasynyň käbir nusgalary gowşuryldy. Bu ulaglar dizaýny boýunça beýlekilerden tapawutlanýar. Olaryň Artisan Red goýy gyzyl reňki, goňras depesi we konýak reňkinde deri salony bar.
Modele gyzyklanma ýokary bolmagynda galýar. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da 2444 sanysy satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli döwründe satylan mukdardan iki esse köpdür.
Kuzowyň iki görnüşiniň içinde gaty üçekli Retractable Fastback görnüşi has meşhur bolup, sebäbi islendik möwsümde münmäge amatlydygy üçin bolsa gerek.
Mazda Miata 2025-i Sport, Club we Grand Touring ýaly dürli komplektasiýalarda hödürleýär.


20.05.2025 07:48
2.5k+

Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi

«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär...

06.05.2025 16:10
10k+

Ulanylan ulaglaryň arasynda Lexus we Toyota markalary iň ygtybarlylary bolup çykdy

Amerikanyň Consumer Reports žurnaly 2025-nji ýylda ulanylan awtoulaglaryň arasynda haýsy markalaryň iň ygtybarly hasaplanýandygyny kesgitledi. Ýapon öndürijileri ýene-de öňdebaryjy boldular. Visualcapitalist portaly pikirsoraşmalaryň netijelerine esaslanyp, infografikany taýýarlady...

15.04.2025 23:59
2.3k+

Mazda iň öňdebaryjy elektrokrossoweri bolan EZ-60-y hödürledi

Mazda ýapon awtoulag öndürijisi täze elektrokrossoweri bolan «EZ-60» modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model brendiň baş awtoulagy hökmünde görkezilýär. Ol aerodinamiki dizaýny we 600 kilometrlik ýol ätiýaçlylygy...

31.03.2025 20:16
9.1k+

Toyota, Nissan, Honda ... fewralda haýsy ýapon awtoulag ägirdi satuwda öňdebaryjy boldy?

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijileri 2025-nji ýylyň fewral aýynyň önümçilik we satuw netijelerini yglan etdiler. Kompaniýalar dürli öndürijilik görkezijilerini görkezdiler. Umuman aýdanyňda, bazar pudagyň global üýtgeýän...