Emeli aň Duolingo platformasyna 148 täze dil okuwyny döretmäge kömek etdi

  • 04.05.2025 02:20
  • 2.1k+

Duolingo indi 148 sany täze dil okuwynyň bardygyny habar berdi. Olary çalt döretmek üçin kompaniýa generatiw emeli aňdan peýdalandy. Ozal şeýle okuwlary döretmek üçin birnäçe ýyl gerek bolýardy, indi bolsa muny EA-nyň kömegi bilen has tiz etmek bolýar.

Indi iň meşhur ýedi sany dili – ispan, fransuz, nemes, italýan, ýapon, koreý we hytaý dillerini 28 dürli dilde öwrenip bolýar. Bu bütin dünýä boýunça milliardlarça ulanyja öz ene dilinde öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Ulgam “umumy mazmun” ideýasyna esaslanýar. Ol esasy okuw sapagyny döretmäge mümkinçilik berýär, soň olar dürli dillere geçirilýär. EA okuw ýumuşlaryny döretmäge we barlamaga hem kömek edýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu okuwyň ýokary hilini üpjün edýär.
Duolingo-nyň baş direktory Luis fon An Duolingo-nyň “emeli aňa gönükdirilen kompaniýa öwrülýändigini” belledi. Ol ozal adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän prosesiň indi kem-kemden awtomatizirlenýändigini aýtdy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......