Hyundai Kona 2025 tanyşdyryldy

  • 03.05.2025 11:49
  • 4.6k+

Hyundai  Kona 2025 krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi.

Esasy täzelik - Modern Plus esasynda döredilen H-Pick komplektasiýasynyň bolmagy. Oňa gapdal we yzky çaknyşyklaryň öňüni alyş ulgamlary, ýolagçy awtoulagdan çykanda duýduryjy, şeýle-de üçekdäki ýükdany girýär.
Kompaniýa modeliň ähli wersiýalarynyň esasy enjamlaryny güýçlendirdi. Şol bir wagtyň özünde, Modern-iň başky wersiýasynyň bahasy üýtgemedi, beýleki komplektasiýalary üçin bolsa baha sähelçe ýokarlandy.
Premium komplektasiýasy indi tokly açylýan ýükdany, smartfon üçin simsiz zarýad berijini, sanly açary, gowulandyrylan salony we goşmaça yşyklandyryşy öz içine alýar.
Iň gymmat Inspiration wersiýasynyň içki bezegi täze materiallary aldy. Şeýle hem, bar bolan opsiýalaryň sanawy hem giňeldildi. Park Assist we Convenience paketlerini indi H-Pick wersiýasy üçin hem saýlap bolýar.
Hyundai Kona 2025-iň bahasy 24,09 - 35,12 million günorta koreýa wony aralygynda, ýagny, takmynan 16,9-24,7 müň amerikan dollary.


15.06.2026 10:41
2.4k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....