GTA 6-nyň çykarylyşy bir ýyl yza süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň maý aýynda çykar

  • 03.05.2025 11:30
  • 5k+

Rockstar Games studiýasy GTA 6-nyň haçan çykaryljakdygyny aýtdy. Täze oýun 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda PS5 we Xbox Series üçin çykar. Bu barada kompaniýa sosial torlarda we resmi web sahypasynda aýratyn beýanat bilen habar berdi.

Işläp düzüji öz beýanatlarynda ýokary hilli oýny döretmek üçin goşmaça wagtyň gerekdigini hem-de bu oýnuň janköýerleriň garaşýan zatlaryndanam ýokary derejede boljakdygyny aýtdy.

«GTA 6 indi 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda çykar. [Oýnuň] siziň garaşanyňyzdan has giç çykjakdygy üçin, biz diýseň gynanýarys. Täze GTA baradaky gyzyklanmalaryňyz we tolgunmalaryňyz, hakykatdanam, tutuş ähli toparymyzy ruhlandyrýar. Oýnuň üstünde işleýän döwrümizde, bize beren goldawyňyz we sabyrlylygyňyz üçin sag bolsun aýdýarys. Çykaran her oýnumyzda, biziň esasy maksadymyz — siziň garaşýan derejäňizden hem ýokary çykmak boldy, muňa GTA 6 hem degişli. Garaşýan hil derejäňize ýetmek üçin, bize goşmaça wagtyň gerekdigine düşünersiňiz diýip umyt edýäris» — diýip, Rockstar Games ýazýar.

Ilki bilen GTA 6-nyň 2025-nji ýylyň güýzünde çykmagyna garaşylýardy, emma Take-Two eger Rockstar-yň wagta mätäçligi ýüze çyksa, oýnuň çykjak senesiniň yza süýşürilmeginiň mümkindigini öňem aýdypdy.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......