WhatsApp-yň web-wersiýasy audio we wideo jaňlar funksiýasyna eýe bolar

  • 03.05.2025 11:20
  • 1.3k+

2025-nji ýylyň ahyryna çenli WhatsApp messenjeriniň web wersiýasynda ulanyjylara audio we wideo jaňlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän funksiýa elýeterli bolar diýip, WABetaInfo habar berýär.

Ondan öň jaňlar diňe Android we iPhone üçin ykjam programmalarda, şeýle hem Windows we macOS üçin desktop wersiýasynda bardy. Brauzerde ulanyjylar diňe tekst iberip, faýl goşup we ses habarlaryny ýazyp bilýärdiler.
Indi ýagdaý üýtgär. Ulanyjylar Safari, Google Chrome, Edge ýa-da Opera ýaly brauzerlerde WhatsApp açyp, aýratynlykda ýa-da toparlaýyn jaňlaşyp bilerler. Jaň etmek üçin düwmeler interfeýsiň ýokarky sag burçunda peýda bolar. Jaňa başlamak üçin brauzer kamera we mikrofona girmek üçin rugsat sorar. Bu rugsat bolmasa jaň edip bolmaz.
WhatsApp-daky ähli maglumatlar, wersiýasyna (ykjam, desktop ýa-da web) garamazdan, howpsuzlygyny üpjün edýän ahyrky şifrlemek bilen goralýar. Täze funksiýanyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli elýeterli bolmagyna garaşylýar.
WhatsApp-yň bäsdeşlerinde eýýäm şuňa meňzeş mümkinçilik bar. Mysal üçin, Microsoft Teams we Google Meet brauzer esasly jaňy goldaýar. WhatsApp-yň esasy bäsdeşi bolan Telegram, web wersiýasynda jaň etmek bireýýämden bäri elýeter.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......