Meta EA ses kömekçisi bilen aýratyn programma çykardy

  • 04.05.2025 14:29
  • 1.2k+

Meta resmi taýdan özbaşdak Meta AI programmasyny işe girizdi. Ozal emeli aň Facebook, Instagram, WhatsApp we Messenger programmalarynda elýeterlidi, indi bolsa ony ýörite programmanyň üsti bilen ulanmak bolýar.

Kömekçi Llama 4 modeliniň esasynda işleýär. Ol ulanyjy bilen ses aragatnaşygy üçin niýetlenendir. Programma jogaplary şahsylaşdyrmak üçin esasy maglumatlary soraýar. Kompaniýa gürrüňdeşligiň “tebigy” we “ýönekeý” boljakdygyny aýdýar.
Meta AI beýleki hereketler wagty fon režiminde-de ulanylyp bilner. Ses funksiýalaryndan başga-da, programma tekst we ses buýruklary esasynda şekilleri döretmegi we redaktirlemegi goldaýar.
Kömekçi internetde maglumat gözläp, harytlary teklip edip, gözleglerde kömek edip bilýär. Programmada “gürrüňdeşligiň başlangyjy” funksiýasy bar – ol EA bilen gürleşmek üçin pikirleri teklip edýär.
Kömekçiniň işini şahsylaşdyrmak üçin Meta öz sosial ulgamlaryndan alnan maglumatlary ulanýar. Ol ulanyjy baradaky maglumaty ýatda saklaýar we jogap düzende Facebook-daky ýa-da Instagram-daky işjeňligi göz öňünde tutýar.
Programmada Discover lentasy elýeterli bolup, bu ýerde beýleki ulanyjylaryň “ýüzlenmeleri” jemlenýär. Bu emeli aňyň mümkinçiliklerini ýene nähili ulanyp boljakdygyna düşünmäge kömek edýär.
Meta AI eýýäm iOS-a we Android-e ýükläp almak üçin ABŞ-da, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada elýeterlidir. 


düýn 23:59
4.5k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......