Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy

  • 02.05.2025 18:01
  • 11k+

Toyota ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň täzelenen Camry ulagyny hödürledi. Esasy täzelik – SE we XSE wersiýalaryna esaslanan Nightshade Edition boldy.

Nightshade wersiýasynyň esasy aýratynlygy garaňky stil bolup, radiator gözeneginde, aýnalarda, gapy tutarlarynda, spoýlerde we yzky bamperde gara detallar hem-de 19 dýuýmlyk gara diskler we garaldylan nyşanlar bilen tapawutlanýar.
Bu wersiýa üç reňkde hödürlenýär: ak (Ice Cap), gyzyl (Supersonic Red) we gara (Midnight Black). Şeýle-de, täze Dark Cosmos reňki peýda boldy – ol ýumşak öwüşginli öçügsi gök bolup, SE, XLE we XSE wersiýalar üçin elýeterlidir.

Nightshade-iň interýeri garaňky äheňde ýerine ýetirildi. Oturgyçlar SofTex materialyndan taýýarlandy, pedallar alýumin goşundylar bilen bezeldi, rul hem deri bilen bejerilip, hereket geçirijini üýtgetmek düwmeleri bilen üpjün edildi. Şeýle-de, üpjünçilige 7 dýuýmlyk sanly enjam paneli, 8 dýuýmlyk multimedia ekrany we smartfonlar üçin simsiz zarýad beriji girýär.
Camry 2026-nyň ähli wersiýalary 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen gibrid güýç enjamyna eýe  boldy. Öňdäki herekete getirijili wersiýa 225 at güýjüni, doly herekete getirijili wersiýa 232 at güýjüni berýär.
ABŞ-da satuw 2025-nji ýylyň tomsunda başlar, bahalar hem satuwa golaý yglan ediler. Bellik üçin, häzirki nesil esasy Camry-nyň bahasy 28 700 dollardan başlaýar ($1 135 eltip bermek hyzmatyny goşmazdan).


düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......