Samsung smartfonlarynyň eýeleri Brýusseldäki syn ediş çarhynda mugt aýlanyp biler

  • 01.05.2025 20:10
  • 7.1k+

3-nji maýdan 18-nji maý aralygynda Brýusseldäki Poelaert meýdançasynda The View syn ediş çarhynda mugt aýlanmak bolýar. Bu aksiýa Samsung tarapyndan täze Galaxy S25 smartfonlaryny mahabatlandyrmagyň çäklerinde gurnaldy.

Adatça, petegiň bahasy 10 ýewro, ýöne kompaniýa mahabat kampaniýasynyň çäklerinde ähli çykdajylary öz üstüne alýar.
Aksiýa Galaxy S25, Galaxy S25+ we Galaxy S25 Ultra smartfonlarynyň satuwyna, şeýle-de, Galaxy AI tehnologiýasyna bagyşlanýar. Gezelenjiň dowamynda tutuş şäheriň owadan görnüşine syn etmek bolýar. Gatnaşyjylara täze smartfonlarda surata düşürmek teklip edilýär. Şeýle-de, öz suratlaryňdan şahsy otkrytkalary döretmek bolar.
Çarh Galaxy AI funksiýalaryna ünsi çekmek bilen bezeler.
Ýakynda Galaxy S25 Edge modeli barada hem täze maglumatlar peýda boldy. Surat smartfonyň nauşnikler üçin 3,5 mm portunyň ýokdugyny tassyklaýar. Korpusyň ýogynlygy 5,8 mm, ekranyň diagonaly bolsa 6,7 dýuým bolar. Smartfon inçe çarçuwaly we tegelek frontal kameraly Dynamic AMOLED 2X displeýi bilen üpjün ediler.
Şeýle-de, 2025-nji ýylyň tomsunda Samsung-yň täzelenen Galaxy Watch 8 Classic modelini çykarjakdygy belli boldy. Munuň bilen bir wagtda esasy Galaxy Watch 8 wersiýasy hem çykar. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...