Rotterdamda bir çaga tötänleýin Rotkonyň 50 mln ýewrolyk suratyny zaýalady

  • 30.04.2025 13:20
  • 8.3k+

Rotterdamdaky (Niderlandlar) Boýmans wan Beningen muzeýinde bir çaga tötänleýin Mark Rotkonyň “Goýy gyzylda çal, mämişi, №8” suratyny zaýalady. Onuň bahasy 50 mln ýewro barabar. Bu waka muzeýiň kolleksiýasyndan saýlama eserleriň görkezilýän Depot zalynda bolup geçdi diýip, BiBiSi habar berýär.

Muzeýiň wekiliniň aýtmagyna görä, bu waka surat gözegçiliksiz galdyrylanda boldy. Suratyň aşaky böleginde gorag lak bilen örtülmedik boýag gatlagynda kiçiräk çyzyklar peýda boldy.
Häzir Niderlanlardan we beýleki ýurtlardan hünärmenler dikeldiş işini nähili geçirmelidigini kesgitlemek üçin suraty öwrenýär. Suraty dikeldiş işlerinden soň ýene-de myhmanlar üçin sergä çykarmak meýilleşdirilýär.
Hünärmenler Rotkonyň gorag lak gatlagy bolmadyk suratlarynyň aýratyn gowşakdygyny belleýär. Hatda kiçijik çyzyklar hem eseriň gymmatyna zyýan ýetirip bilýär. Dikeldiş işleri suratkeş tarapyndan ulanylan boýaglaryň we ýelimleriň düzüminiň çylşyrymlydygy sebäpli kynlaşýar. 


13.03.2026 16:15
1.5k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.6k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...

09.03.2026 12:25
5.5k+

Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy

Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr...

03.03.2026 14:57
1.4k+

Aýdym-saz we sungat eserleri güýçli emosiýa döredýärmi? Alymlar munuň sebäbini genlerden tapdylar

Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar. Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär...