Britaniýaly adam 1917-nji ýyldan bäri suwuň düýbünde ýatan gämini satyn aldy

  • 30.04.2025 12:31
  • 11k+

Britaniýaly daýwer Birinji jahan urşy döwrüniň suwa gark bolan gämisini 300 funt sterlinge (399 dollar) satyn aldy. Ol gäminiň satylýandygy baradaky bildirişi ýanwar aýynda sosial ulgamlarda gördi diýip, The Telegraph ýazýar.

53 ýaşly Dom Robinson häzirki wagtda Kornuoll graflygynyň kenaryndaky La-Manşyň düýbünde ýatan SS Almond Branch ýük gämisini satyn aldy. Gämi 1917-nji ýylyň noýabryndan, ýagny nemes suwasty gämisi ony suwa gark edeninden bäri suwda ýatyr.
Daýwer eýýäm bu töwereklerde suwa çümüp gördi, şonuň üçin şertnamadan soň näme aljakdygyny bilýärdi.
Ol hökümetden ony SS Almond Branch-yň kanuny eýesidigini tassyklaýan haty aldy. “Şeýle gämileriň satyn alynmagy 20 ýyl ozal gadagan edilipdi, ýöne men şeýle hukugy almagy arzuw etdim. Elbetde, bu poslan demir üýşmegi, ýöne indi bu meniň demir üýşmegim” – diýip, Robinson belleýär.
Bu gämide hiç zat saklanyp galmandyr. Şeýle-de bolsa, daýwer öz eýeçiligiňe geçen gämä tarap çümmegiň üýtgeşik duýgulary döredýändigini belleýär.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......