Xiaomi ýedi sany meşhur smartfon modeli üçin goldawy bes edýär

  • 30.04.2025 11:06
  • 5.9k+

Xiaomi 2025-nji ýylyň aprel aýynda ýedi sany smartfon modeli üçin goldawyň bes ediljekdigini (EOL-nyň tamamlanjakdygyny) habar berdi. Bu ýagdaý programma üpjünçiliginiň täzelenmeleriniň, şol sanda howpsuzlyk üçin möhüm paçlaryň we täze operasion ulgamyň wersiýalarynyň çykarylmagynyň bes ediljekdigini aňladýar diýip, «Gizchina» ýazýar.

Goldawy bes ediljek smartfonlaryň hataryna şular girýär:

  • Poco F4 GT;
  • Redmi K50 Gaming;
  • Redmi 10A;
  • Redmi Note 11S;
  • Redmi Note 11 Pro+ 5G;
  • Xiaomi 11i;
  • Xiaomi 11i HyperCharge.

Poco F4 GT ömrüni Android 14 esasynda işlenip düzülen HyperOS 2.0.1.0 bilen, Redmi K50 Gaming bolsa HyperOS 2.0.2.0 bilen tamamlaýar. Redmi 10A bolsa MIUI 12.5 ulgamynda galýar. Redmi Note 11S 5G, Note 11 Pro+ 5G, Xiaomi 11i we 11i HyperCharge modelleri bolsa Android 13 esasynda işleýän HyperOS 1 bilen dowam eder – bu modeller üçin HyperOS 2 çykarylmaz.
EOL (End of Life) näme?
Ulanyjylar üçin bu smartfonlaryň işlemeginiň dowam etjekdigini aňladýar: jaň etmek, programmalary ulanmak we internete girmek mümkinçiligi saklanyp galýar. Ýöne howpsuzlyk täzelenmeleriniň bolmazlygy sebäpli, enjamlar täze howplara garşy ejiz bolar, şeýle hem wagtyň geçmegi bilen täze programmalar utgaşyklylygyny ýitirip başlar.


21.01.2026 10:50
1.7k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

18.01.2026 10:31
5.8k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

16.01.2026 08:10
3.7k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...