Xiaomi Garri Potteriň stilinde aksessuarlary hödürledi

  • 28.04.2025 18:23
  • 5.5k+

Redmi Turbo 4 Pro smartfonynyň çykmagy bilen bir hatarda Xiaomi kompaniýasy Garri Potteriň stilinde döredilen aksessuarlar kolleksiýasyny görkezdi. Oňa kolonka, daşarky akkumulýator, syçanjyk we klawiatura girdi.

Redmi Harry Potter Edition Bluetooth kolonkasynyň bahasy 139 ýuan ($19). Gurluş rezin korpusa, götermek üçin kemere, IP67 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goraga eýe boldy. Ol 4 Wt kuwwatly 1,5 dýuýmlyk dinamika we Bluetooth 5.3 bilen üpjün edildi. Sesiň stereo bolmagy üçin ikinji kolonkany birikdirmek mümkinçiligi hem bar. Akkumulýator sygymy – 800 mA/sag bolup, USB-C arkaly zarýad berilýär. Awtonom iş wagty – 5 sagada çenli.


Daşarky akkumulýator Xiaomi 10,000mAh 33W Harry Potter Edition 149 ýuana durýar ($20). Ol içki kabel we iki sany 5000 mA/sag akkumulýator bilen üpjün edildi. Ulanyp boljak peýdaly sygymy – 5500 mA/sag. USB-C arkaly 33 Wt çalt zarýad berşi goldaýar. 30 minutda iPhone 16 Pro smartfonyna 58%-e çenli zarýad bermäge ukyply. USB-C we USB-A portlary bar.


Xiaomi X1 Wireless Harry Potter Edition syçanjygy 349 ýuan ($48) bilen bahalandyrylýar. Agramy – 65 g (kabelsiz). PAW3395 sensory bilen üpjün edilen, reaksiýa ýygylygy – 8 KGs, TTC düwmeleri bar. Simli we simsiz birikmäni goldaýar. Windows 10 we macOS 10.13 we ondan ýokary operasion ulgamlar bilen gabat gelýär. 


MK71 Pro Harry Potter Edition klawiaturasynyň bahasy 599 ýuan ($82). Onuň 71 klawişi, LCD ekrany, TTC düwmeleri bar. USB-ni, Bluetooth-y we 2,4 GGs birikmeleri goldaýar. Akkumulýator – 7800 mA/sag. 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...