Dreýk 148 dollardan "Summer Mink" atly ilkinji atyryny satuwa çykarýar

  • 28.04.2025 16:34
  • 2.6k+

Repçi Dreýk ilkinji parfýumy bolan Summer Mink-i 148 dollardan satuwa çykardy diýip, «WWD» habar berýär.

Parfýumyň düzüminde ýokary notalarda sitrus miweleri we şalfeý, orta notalarda sambak žasmini, aşaky notalarda bolsa wetiwer we ýumşak müşk bar.
Summer Mink «Ulta Beauty» dükanlarynda we Better World Fragrance House brendiniň resmi web sahypasynda elýeterli bolar.
Dreýk 2023-nji ýylda parfýumer Maýkl Karbi bilen bilelikde aromatik ýaglaryň bir hataryny çykarypdy. Olar landyşyň, ambranyň, dub suwotunyň, derili müşküň we ýantar agajynyň ekstraktlaryny öz içine alýardy. Bu ýaglaryň esasy aýratynlygy – her bir adamyň derisine görä ysyny üýtgedip, uýgunlaşyp bilmegidi.
Summer Mink brendiň giň auditoriýa üçin döredilen ilkinji doly görnüşli parfýumy bolar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....