Waymo sürüjisiz robotaksilerini hemmeler üçin elýeterli eder

  • 28.04.2025 12:24
  • 7k+

Waymo geljekde öz sürüjisiz ulaglaryny şahsy ulanyş üçin satyp başlamagy mümkin. Bu barada Alphabet konglomeratynyň baş direktory Sundar Piçai mälim etdi, emma anyk wagt aýtmady diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

Waymo sürüjisiz ulaglaryny hususy müşderilere satmak pikiri bilen ozal hem gyzyklanypdy. Bu mesele 2018-nji ýylda Chrysler bilen Pacifica sürüjisiz miniwenlerini öndürmek boýunça şertnama baglaşylanda agzalan eken.
Piçai Waymo-nyň uzak möhletleýin iş meýilnamasy barada berlen soraga jogap berip, şahsy ulanyş üçin sürüjisiz ulaglaryň satuwa çykarylmagy baradaky meýilnamalaryny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu meýilnama Maýamide Moove bilen, Ostinde we Atlantada Uber bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem-de «geljekde şahsy eýeçilik mümkinçiligini» öz içine alýar.
Waymo hususy müşderilere doly sürüjisiz ulag satmagy göz öňünde tutýan ýeke-täk kompaniýa däl. Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask geçen ýyl «We, Robot» atly çäräniň dowamynda, 2026-njy ýyla çenli müşderileriň 30 müň dollara Cybercab satyn alyp biljekdiklerini aýdypdy.
Mask Waymo-nyň robotaksileriniň Cybercab bilen deňeşdirilende «has gymmatdygyny» aýdýar. Ýöne ol Tesla-nyň sürüjisiz taksisiniň diňe iki ýolagçyny gatnadyp bilýändigini, rulunyň ýokdugyny hem-de kämil sensor toplumynyň (lidar ýaly) ýerine diňe adaty kameralary ulanýandygyny agzamady. Waymo-nyň Jaguar I-Pace esasly bäş ýolagçyly elektromobilleri bolsa ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen.
Waymo eýýämden Ýaponiýa ýaly ýurtlarda işjeň ulanylýan robotaksileri bilen buýsanýan mahaly, Tesla indi şu öňümizdäki tomusda Ostinde robotaksi hyzmatyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, Mask 2026-njy ýylyň soňuna çenli ýollarda «millionlarça» awtonom Tesla ulaglarynyň peýda boljakdygyny wada berýär.

düýn 17:02
1.6k+

Londonda Minecraft äheňinde dünýäde ilkinji dynç alyş seýilgähi gurlar

Londondaky «Chessington World of Adventures» seýilgähiniň çäginde 2027-nji ýylda «Minecraft World» tematiki seýilgähi açylar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, desganyň gurluşygynyň bahasynyň 70 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar...

düýn 16:53
11k+

DZ-ED bilen Guwanç Satlykgylyjowyň «Çarhypelegi» Aydym.com-da 1 mln diňlenmeden geçdi

Meşhur Aydym.com platformasynda ýene bir uly sepgit hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwarynda köpçülige hödürlenen DZ-ED bilen Guwanç Satlykgylyjowyň bilelikdäki «Çarhypelek» aýdymy 1 milliondan gowrak diňlenme......

düýn 15:47
6.9k+

Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler...

düýn 15:22
2.4k+

Aýdym islegi bilen akyl derejesiniň arasyndaky baglanyşyk anyklandy

Mýunhendäki Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary adamyň saz saýlawy bilen onuň aň ösüşiniň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Gözlegiň netijeleri Journal of Intelligence žurnalynda çap edildi. Ylmy barlaga 185 meýletinçi gatnaşdy...