Google Chrome ahyrsoňy PDF-faýllary göni öz içinde açmagy goldap başlady

  • 28.04.2025 12:22
  • 1.7k+

Google kompaniýasy Chrome-yň Android üçin görnüşine PDF resminamalaryna doly goldaw goşdy. Indi degişli faýllary gös-göni brauzerde açyp bolýar, daşarky programmalar ýüklemegiň zerurlygy ýok diýip, «Android Authority» habar berýär.

Chrome-yň içki PDF-rideri diňe bir faýllary görmäge däl-de, eýsem faýllar bilen özara işlemäge-de mümkinçilik döredýär: ruçka, marker, pozguç, ýatyrmak we gaýtadan ýerine ýetirmek düwmeleri bar, şeýle hem resminamany aýlap görmek we dürli ýerlerde bellikler goýup bolýar. Gurallar panelini ýokarda ýa-da aşakda ýerleşdirmek mümkinçiligi bar.
Resminamanyň içinde Chrome-yň içki gözlegi arkaly tekst boýunça gözleg etmek funksiýasy hem peýda boldy. Onuň kömegi bilen gerek sözleri çalt tapmak we tapylan ýerleriň arasynda oklar arkaly tiz hereket etmek bolýar.
PDF-faýllara goldaw ozal Chrome-yň synag sazlamalarynda gizlenipdi, ýöne indi bu funksiýa brauzeriň durnukly wersiýasynda işleýär we ähli ulanyjylara elýeterli edildi.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....