ABŞ-da jaýlaryň satuwy 5,9% pese gaçdy

  • 28.04.2025 11:56
  • 3.1k+

ABŞ-da mart aýynda jaýlaryň satuwlary fewral aýy bilen deňeşdirilende 5,9% peseldi. Bu barada ABŞ-nyň Gozgalmaýan emläk söwdagärleriniň milli assosiasiýasynyň (NAR) çap eden maglumatlarynda aýdylýar. Bu ýagdaý 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, ABŞ-nyň gozgalmaýan emläk bazaryndaky iň uly aýlyk pese gaçyş boldy. «The Wall Street Journal» tarapyndan geçirilen soralşykda ykdysatçylar diňe 3,1% peselme bolar diýip garaşýardylar.

Mart aýynda ABŞ-da jemi 4,02 million jaý satyldy. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň gozgalmaýan emläkleriniň ortaça bahasy geçen ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende 2,7% ýokarlandy we mart aýlary üçin rekord derejä ýetip, 403,7 müň dollar boldy. Satylmadyk jaýlaryň sany bolsa diňe bir aýyň dowamynda 8,1%, 2024-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende bolsa 19,8% artdy.
Satuwlaryň şeýle çynlakaý derejede pese gaçmagy – amerikalylaryň ykdysadyýetiň ýagdaýy babatynda aladaly pikirdediklerini we ýakyn geljekde ýagdaýyň has hem agyrlaşmagyndan howatyrlanýandyklaryny görkezýär. Adatça, ýaz pasly jaý satyn almak üçin iň gyzgalaňly möwsüm hasaplanylýar, sebäbi ýaş çagaly maşgalalar tomusda täze öýe göçmek isleýärler.

«Mart aýynda jaýlaryň satuwlary-da, satyn alnyşy-da pes derejede galdy. Munuň sebäbi ýokary ipoteka göterimleri bilen bagly gozgalmaýan emläkleriň elýeterli bolmazlygydyr» — diýip, NAR-yň baş ykdysatçysy Lourens Ýun aýtdy.

Assosiasiýa görä, soňky aýlarda ipoteka göterimleri 6,5%-den ýokary, bu bolsa öý almak isleýän potensial alyjylary yza tesdirýär.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......