Samsung içi görnüp duran akylly sowadyjy çykardy

  • 28.04.2025 12:11
  • 6k+

Samsung kompaniýasy içi görnüp duran gapy bilen enjamlaşdyrylan bölümi bolan Bespoke AI Hybrid KitchenFit Max atly täze sowadyjysyny hödürledi. Bu barada «SamMobile» portaly habar berýär.

Samsung Bespoke AI Hybrid KitchenFit Max dört gapyly, aýratyn kameralary bolan model bolup, olaryň biri «Food Showcase» diýlip atlandyrylýan içi görnüp duran gapy bilen üpjün edilendir. Öndüriji kompaniýa bu bölümi ýygy-ýygydan ulanylýan önümleri, meselem, içgileri ýa-da souslary saklamak üçin ulanmagy maslahat berýär. Içine öňünden seredip, sowadyjynyň gapysyny açyp saklamak wagtyny gysgaldyp bilersiňiz: bu bolsa elektrik energiýasyny tygşytlaýar we önümleriň saklanyş möhletini uzaldýar.
Täze modelde birnäçe akylly funksiýalar hem bar. Meselem, AI Hybrid Cooling tehnologiýasy temperaturany takyk gözegçilikde saklaýar, AI Screen ekrany bolsa suratlara we wideolara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. AI Vision Inside algoritmi bolsa, sowadyjydaky dürli önümleriň galan mukdaryny yzarlap barýar.
Samsung Bespoke AI Hybrid KitchenFit Max dürli içki göwrümli konfigurasiýalarda Günorta Koreýada satuwa çykaryldy. Başlangyç bahasy 2650 dollar. Täze sowadyjynyň beýleki ýurtlarda satuwa çykyp-çykmajakdygy heniz belli däl.


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...