Garward uniwersiteti Trampyň maliýe kömegini doňdurmagy sebäpli, 1 mlrd dollarlyk paýnamalaryny satmak isleýär

  • 27.04.2025 15:03
  • 11k+

Garward uniwersitetiniň gaznasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýüze çykan düşünişmezlikler sebäpli, takmynan, 1 milliard dollarlyk hususy maýa goýum gaznasyndaky paýnamalaryny satmak boýunça gepleşikleri alyp barýar. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Harvard Management Co. we Jefferies Financial Group Inc. bu portfeli Lexington Partners kompaniýasyna geçirmek ugrunda işleýär. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Lexington bu şertnama üçin başga hyzmatdaşlary hem çekip biler. Şertnamanyň şertleri heniz gutarnykly kesgitlenmedi we üýtgäp biler. Ikinji bazar portfeliniň satylmagyna 2024-nji ýylda başlanylypdy.
Mundan ozal, Donald Trampyň administrasiýasy Garward uniwersitetine berilýän 2,2 mlrd dollarlyk grantlary togtadypdy. Garward bolsa jogap hökmünde hökümete garşy kazyýete ýüz tutdy. Munuň yzýanynda, Tramp salgyt gullugyna ýüzlenip, uniwersiteti «syýasy gurama» hökmünde klassifikasiýa etmegi teklip etdi. Sebäbi, bu ýagdaý uniwersitetiň maliýe ýagdaýyna we serişdeleri ýygnamak mümkinçiliklerine zarba urup biler. Garward bolsa mart aýynda işe kabul edişligi doňdurdy we şu aýyň dowamynda, 750 million dollarlyk obligasiýa satdy.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......