Honda yzky çyralaryň näsazlygy sebäpli, 153 müňe golaý Acura MDX ulagy ýene yzyna çagyrýar

  • 27.04.2025 12:23
  • 3.8k+

Honda kompaniýasy 2014-2020-nji ýyllar aralygynda öndürilen 152 müň 573 sany «Acura MDX» krossowerini täzeden yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Sebäp – yzky çyralara çyglylygyň aralaşmagy. Bu mesele 2019-njy ýylda düzedilmäge synanyşylypdy, ýöne gaýtadan ýüze çykdy: öň bejerilen awtoulaglaryň yzky çyralary hem ýene-de buglanýar we işlemegini bes edýär. Häzirki wagta çenli şol bir näsazlyk sebäpli, 4 müňden gowrak şikaýat hasaba alyndy. Bu barada «Cars.com» habar berýär.

Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, kemçilik çyralary üpjün edýän North American Lighting kompaniýasynyň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykypdyr. Çyranyň korpusy bilen uplotniteliň arasy gowy möhürlenmändir. Şonuň netijesinde, çyglylyk içine aralaşyp, poslamany döredýär we ýagtylygyň işlemegine päsgel berýär. Bu mesele Alabamadaky we Ogaýodaky zawotlarda 2012-nji ýylyň oktýabry bilen 2020-nji ýylyň dekabry aralygynda öndürilen ulaglara degişlidir.
Honda kompaniýasy yzky çyralary çalşyp bermegi, uplotnitelleri täzeden ýerleşdirmegi we elektrik kabelleriniň gurluşyny döwrebaplaşdyrmagy wada berýär. Bularyň ählisi awtoulag eýeleri üçin mugt bolar. Bejergini öz hasabyna geçiren müşderiler çykdajylary üçin öwez tölegini hem alyp bilerler. Şeýle-de täze oturdyljak detallar giňeldilen kepillik bilen üpjün ediler.
«MDX» modeli ABŞ-da Acura brendiniň esasy ulaglarynyň biridir. 2024-nji ýylda bu modelden 50 müňden gowrak satyldy, 2025-nji ýylyň diňe ilkinji üç aýynda bolsa, eýýäm 10 müňden geçdi. Öndüriji kompaniýa şeýle ýagdaýlaryň geljekde gaýtalanmazlygy üçin, hil gözegçiligini güýçlendirmegi maksat edinýändigini aýtdy.


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....