Gucci çökgünligi başdan geçirýär. I çärýekde satuwlar 25% peseldi we aşaklama dowam edýär

  • 26.04.2025 16:58
  • 5.5k+

Gucci modalar öýüniň satuwy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 25% peseldi. Bu barada WWD neşiri habar berdi.

Bu brendi öz içine alýan Kering Holding kompaniýasy hem satuwlaryň umumy mukdarynynyň 14% peselendigini bellige aldy. Kompaniýanyň hasabatynda kaşaň harytlara bolan islegiň peselendigi görkezilýär, üstesine,  ABŞ-nyň söwda paçlarynyň hem täsirini ýetirendigi aýdylýar.
Bu ýagdaý Sent Laurent we Balenciaga ýaly, toparyň beýleki brendlerine-de täsir etdi.
Kering-iň maliýe direktory Armel Pulu kompaniýanyň ikinji çärýekde girdejiniň ýene azalmagyna garaşýandygyny aýtdy.
Satuwyň peselmeginiň fonunda kompaniýa Demna Gwasaliýanyň şu ýylyň sentýabr aýynda ilkinji gezek özüniň Gucci döredijilik konsepsiýasyny hödürlejekdigini mälim etdi. Ondan öň dizaýner Balenciaga-daky işini iýul aýynda kutýur sergisi bilen tamamlar we bu brenddäki on ýyllyk işini ahyrlar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....