Diňe Ýaponiýanyň özünde täze Nintendo Switch 2 üçin 2,2 mln öňünden sargyt berildi

  • 26.04.2025 13:38
  • 5.4k+

Nintendo ýapon kompaniýasy 23-nji aprelde beren beýannamasynda täze çykjak Switch 2 oýun konsoly üçin garaşylmadyk derejede köp mukdarda deslapky sargyt alandygyny mälim etdi. Bu barada «Reuters» neşiri habar berýär.

Diňe Ýaponiýanyň özünde, öňünden sargyt etmek mümkinçiligi berilýän lotereýa gatnaşmak üçin, 2,2 million adam ýüz tutdy. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu derejede uly isleg olaryň öndürijilik mümkinçiliklerinden ýokary. Enjamlaryň resmi taýdan satuwynyň başlanjak güni bolan 5-nji iýuna çenli beýle mukdarda enjamlary taýýarlamak mümkin bolmaz. Şonuň bilen baglylykda, Nintendo-nyň paýnamalarynyň bahasy 5% ýokarlandy.
Täze konsolyň ýapon dilindäki nusgasy 350 dollar bolar, beýleki dillerdäki wersiýasy bolsa, takmynan, 500 dollardan satylar. Diňe Ýaponiýadaky 2,2 million öňünden sargyt, 2017-nji ýylda Switch 1 ilkinji gezek satuwa çykarylanda, dünýä boýunça satylan 2,7 million konsol bilen deň diýen ýalydyr. Şondan bäri, Switch 1 konsolynyň 150 milliondan gowrak nusgasy satyldy.
Jefferies kompaniýasynyň analitigi Atul Goýala görä, Nintendo önümçiligini artdyrmaga synanyşar, emma ilkinji tapgyrda bazara çykaryljak enjamlaryň sany islegi kanagatlandyryp bilmez.

«Bu san garaşylandan has ýokary. Bu bolsa Switch 2 diňe bir satuwa çykarylan güni doly satylyp gutarmaz, eýsem ony birnäçe aýlap tapmak hem kyn bolar diýen manyny berýär» — diýip, Kantan Games konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy Serkan Toto belleýär.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......