ABŞ-daky uniwersitetiň gadymy binasynyň diwarlarynda XIX asyryň söýgi hatlary tapyldy

  • 25.04.2025 16:15
  • 5.4k+

ABŞ-da Günorta Men uniwersitetiniň kampusynyň durkuny täzelemek işleriniň dowamynda XIX asyrda ýetginjekler tarapyndan ýazylyp, gizlenen söýgi hatlary tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär.

Hatlar 1806-njy ýylda gurlan Akademiýanyň binasynda tapyldy. Öň ol ýerde barly maşgalalardan okuwçylar üçin taýýarlyk mekdebi ýerleşýärdi.
Hatlar diwarlar bilen pol tagtalarynyň arasynda gizlenipdir. Olarda ýetginjekler “meniň mähribanym” ýaly jümleleri ulanyp, birek-birege bolan söýgülerini beýan edip, jogapsyz duýgular barada alada bildiripdir we mugallymlaryň özüni alyp barşy barada bellikleri galdyrypdyr.
Hünärmenleriň pikiriçe, hat binanyň mekdep hökmünde ulanylan wagty ýazylan bolmaly. 1878-nji ýylda ol Men ştatynyň emlägine geçirildi we ol uniwersitetiň bir bölegine öwrüldi.
Häzir okuw jaýynyň ýolbaşçylygy tapyndyny nädip saklamalydygyny ara alyp maslahatlaşýar. Ony giň köpçülige elýeterli etmek üçin sanly görnüşe geçirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

“Adamlar wagtyň geçmegi bilen şol bir zada dürlüçe seredýär we manylar hem üýtgäp biler. Şonuň üçin ilkinji çeşmeleri saklamak gerek – biziň olara gaýdyp gelip, täzeden düşünmäge mümkinçiligimiz bolar” – diýip, uniwersitetiň ýörite kolleksiýa bölüminiň koordinatory Sýuzi Bok belledi.


düýn 00:57
4.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......