Ford F-150 pikaby gelşikli sport týuningine eýe boldy

  • 25.04.2025 16:20
  • 6.5k+

Roush Performance týuning atelýesi 2025-nji ýylyň Ford F-150 Nitemare-sini hödürledi. Peseldilen podweskaly, kuwwatly dolandyryşly we premium bezegli bu sport pikaby XL we XLT komplektasiýalaryna esaslanýar.

Täze önüm Regular we SuperCrew kabinaly wersiýalarda elýeterlidir.
Pikabyň podweskasy öňünde 3 dýuým, yzyndan 5 dýuým aşak düşürildi. Munuň üçin konlowerler, progressiw puržynlar, iki turbajykly amortizatorlar we kese durnukly güýçlendirilen stabilizator ulanylýar.
Pikap 305 / 40R22 şinaly 22 dýuýmlyk tigirler we perforirlenen tormoz diskleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Garaldylan radiator gözenegi, Nitemare bezeg elementleri we howa çekijili kapot daşky görnüşiniň üstüni ýetirýär. Salony Roush Red äheňli Raven Black bezegini, sport pedallaryny, goşmaça karbon bezeglerini we Alpine audio ulgamyny aldy.
Trekde Ford F-150 Nitemare 1.0 G çenli gapdal tizlenmesini görkezdi. Bu ony Roush-yň hataryndaky iň oňat pikaplaryň birine öwürdi.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....