2025-nji ýylyň başyndaky iň meşhur kompýuter brendleri atlandyryldy

  • 25.04.2025 16:10
  • 2.2k+

Counterpoint Research analitika agentligi 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça kompýuterleriň ibermeleriniň möçberi baradaky statistikasyny täzeledi. Ibermeleriniň artyşy boýunça lider garaşylmadyk ýagdaýda Apple boldy, ýöne bu hem oňa reýtingde birinji orny eýelemäge ýardam bermedi.

Bu ýylyň ilkinji üç aýynda dünýä boýunça ibermeleriň 25%-ini eýeläp, birinji orunda ýerleşen kompaniýa Lenovo boldy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa geçen ýyl bilen deňeşdirilende görkezijilerini 11% ýokarlandyrdy. Ikinji orunda HP (21%), üçünji orunda bolsa Dell (16%) ýerleşdi. Apple kompaniýasy beýleki brendleriň arasynda iň uly ösüşi görkezendigine (2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende +17%) garamazdan, dördünji orny eýeledi (bazaryň 10%). Emma kompaniýanyň haryt saýlawynyň çäkliligini göz öňünde tutsak, bu gowy netijedir. Ilkinji bäşligi bolsa ASUS jemläp, ol umumy ibermeleriň 6%-ine eýe boldy.
Analitikleriň pikirine görä, görkezijileriň şeýle bolmagy talabyň ýokarlanmagy bilen däl-de, eýsem öndürijileriň ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dowam edýän söwda gapma-garşylyklarynyň netijelerine garaşman, mümkin boldugyça köp tehnikany bazara çykarmaga çalyşmagy bilen baglanyşykly. Bilermenler riteýlerlere satylan kompýuterleriň zawoddan iberilenden soň birnäçe aýlap ammarda ýa-da dükanlaryň tekjelerinde ýatyp biljekdigini belleýärler.
Ýarymgeçirijilere täze gümrük paçlarynyň girizilmegine garaşylýandygy sebäpli, öndürijiler bahalaryň ýokarlanmagyna hem taýýarlyk görýärler. Analitikler 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň diňe kagyz ýüzünde gowy görkezijilere eýedigini aýdýarlar. Emma bazaryň ösüşi sarp edijiniň isleginden däl-de, syýasy ýagdaýlardan gelip çykýandygy sebäpli, geljekki görkezijiler boýunça çaklamalary aýtmagy gaty kyn hasaplaýarlar.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......