“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar

  • 25.04.2025 15:14
  • 16k+

“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Winisius Žuniora futboldan iki ýyl çetleşdirilmek  howpy abanýar. Tuttosport-yň we italýan žurnalisti Žanluka di Marsionyň berýän maglumatyna görä, FIFA futbolçynyň birnäçe futbol klublarynyň eýesi bolmak bilen guramanyň ahlak kadalaryny bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly iş geçirýär.

Muňa Braziliýanyň “Atletiko San-Žuan-del-Reý” klubunyň paýlarynyň 16,5 göterimine eýeçilik edýän Tiberis Holding do Brasil kompaniýasynyň şikaýaty sebäp boldy. Kompaniýa Winisius özi bilen baglanyşykly ALL Agenciamento Esportivo kompaniýasynyň üsti bilen “Atletikonyň" paýynyň gözegçilik bukjasyny gös-göni alandygyny we Tiberis kompaniýasyny söwdada artykmaçlykdan peýdalanmak hukugyndan mahrum edendigini öňe sürýär.
Şeýle hem FIFA Winisiusyň Portugaliýanyň “Alwerka” klubuna bikanun eýeçilik etmegi bilen baglanyşykly maglumatlary derňeýär.
Şikaýat FIFA-nyň Ahlak kadalary komitetiniň derňew palatasyna berildi. Arza berijiniň pikirine görä, bu ýagdaý bähbitleriň gapma-garşylygyny görkezip biler we guramanyň kadalaryny bozýar.
Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ALL Agenciamento Esportivo kompaniýasy oýunçynyň kakasy we wekili Tassilo Soareş tarapyndan dolandyrylýar eken.
24 ýaşly Winisius 2018-nji ýyldan bäri Madridiň “Realynda” çykyş edýär. Bu möwsümde ol 46 oýun oýnady, 20 gol geçirdi we 14 gezek netijeli pas berdi.


şu gün 10:24
2.1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.4k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......