Şanhaý awtosalonynda HarmonyOS-ly Toyota bZ7 sedany görkezildi

  • 25.04.2025 11:54
  • 4.9k+

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Şanhaý awtosalonynda Toyota bZ7 elektrik sedanynyň köpçülikleýin wersiýasyny hödürledi. Awtomobil ýylyň ahyrynda satuwa çykar.

Ulag Huawei-niň HarmonyOS operasion ulgamyna eýe boldy. bZ7 konsepti ilkinji gezek 2024-nji ýylda Guançžoudaky awtosalonda görkezildi. Häzirki wersiýa bolsa köpçülikleýin önümçilige taýýar.


Toyota bZ7 giňeldilen sürüjä kömek funksiýalaryny (ADAS) üpjün edýän lidar bilen enjamlaşdyryldy. bZ7-niň Huawei-den HarmonyOS operasion ulgamyny ulanýandygy üçin, awtomobil Huawei ADS awtonom dolandyryş tehnologiýasyny hem ulanyp biler diýlip çak edilýär. Ýagny, Huawei diňe bir interfeýse däl-de, eýsem “akylly” dolandyryş funksiýalaryna-da jogap berip biler.
Ulagyň yzky böleginiň dizaýny birleşdirilen yzky çyralary, beýik ýerleşdirilen stop-signallary we anti-ganaty öz içine alýar. Konsept bilen deňeşdirilende, sanly kameralar adaty aýnalar bilen çalşyrylypdyr hem-de fiziki gapy tutarlary goşulypdyr.
Ulagyň güýç enjamy barada häzirlikçe maglumat ýok.



21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....