Iordaniýada faraon Ramses III-niň ýazgysy tapyldy

  • 24.04.2025 18:04
  • 7.9k+

Iordaniýanyň günortasyndaky Wadi-Ram goraghanasynda gadymy Müsür faraony Ramses III-niň iki kartuşly ieroglif ýazgysy tapyldy. Bu barada ýurduň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministri Lina Annab habar berdi.

Ýazgy Saud Arabystany bilen serhetiň golaýynda tapyldy. Onda faraonyň doglan ady we onuň Ýokarky hem Aşaky Müsüriň üstünden hökümini alamatlandyrýan tagt ady görkezilen.
Tapyndylary gözden geçirmäge müsürli arheolog doktor Zahi Hawass gatnaşdy. Ol üç müň ýyldan gowrak wagt ozal Günorta Lewantda we Arap ýarym adasynyň demirgazygynda müsürlileriň bolandygyna goşmaça delil tapmak üçin bu sebitde gazuw-agtaryş işlerine başlady.
Ministr Lina Annab bu açyşy ýurt üçin üýtgeşik diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, bu ýazgy Müsüriň, Iordaniýanyň we Arap ýarym adasynyň arasynda gadymy gatnaşyklaryň bolandygyny tassyklaýar. Ol munuň Iordaniýanyň diňe bir söwda merkezi däl, eýsem siwilizasiýalaryň dörän ýeri hökmünde ähmiýetini delillendirýändigini belledi.
Ýazgylary okamak üçin Gadymy ýadygärlikler departamentinden professor Ahmed Laş we Haşimit uniwersitetinden doktor Ali Manasir iş alyp barýar. Resmi ylmy habar gözlegler tamamlanandan soň çap ediler.
Ramses III Müsüri, takmynan, b.e.öň 1185-1153-nji ýyllarda dolandyrypdyr. Ol Täze şalygyň soňky beýik faraony hökmünde belli. Ol Müsüre demirgazyk tarapdan howp salan “deňiz halklarynyň” çozuşyna üstünlikli gaýtawul berendigi bilen taryha girdi. Şeýle-de, faraon uly göwrümli gurluşyk taslamalary, şol sanda Medinet-Abuda ybadathana toplumynyň gurluşygy bilen şöhratlyk gazanypdyr. Bu üstünliklere garamazdan, ýurt Ramses III-niň döwründe ykdysady pese gaçyşy we sosial dartgynlylygy başdan geçiripdir. Döwleti agdarmaga synanyşyk edilende faraon dildüwşüjiler tarapyndan öldürilýär.


düýn 11:11
2.3k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
6.9k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....