“Barselona” baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany uzaltdy

  • 24.04.2025 17:49
  • 6.5k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Marca neşiri habar berýär.

Taraplar ýakynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň şertleri barada ylalaşdy. Ýöne möhletiň uzaldylmagy diňe möwsüm gutarandan soň güýje girer.
“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda we Kubogynda ýeňiş ugrunda göreşmegini dowam etdirýär. Şeýle-de, ol Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy.
60 ýaşly Hans-Diter Flik topara 2024-nji ýylyň maý aýynda ýolbaşçy boldy. Ol bu wezipede Hawini çalyşdy. Flik bilen şertnama 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Germaniýaly hünärmen ozal “Hoffenhaýma”, “Bawariýa” we Germaniýanyň milli ýygyndysyna tälimçi boldy. Ol Mýunheniň “Bawariýasy” bilen bilelikde Germaniýanyň iki çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny, Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy. 


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......