Google Photos-da suratyň hilini Ultra HDR-e çenli ýokarlandyrmak funksiýasy peýda boldy

  • 23.04.2025 23:36
  • 2.5k+

Google Photos surata düşüreniňden soň adaty suratlary Ultra HDR formatyna çenli kämilleşdirýän täze funksiýany işe girizdi. Bu funksiýa ýagtylygy we reňkleriň doýgunlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Funksiýa 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda peýda boldy, ýöne häzire çenli işjeňleşdirilmedi. Ulanyjy @greyishere onuň indi Google Photos-da elýeterlidigini habar berdi. Täzelenme 7.24.0.747539053 programma wersiýasynda elýeterlidir. Ol adaty surat bilen HDR wersiýany bir faýla birleşdirip, hatda köne gurluşlarda-da ýiti reňkli suratyň saklanmagyny üpjün edýär.
Funksiý Google Photos redaktorynyň “Korrektirlemek” bölüminde ýerleşýär. Ulanyjylar häzirki “HDR effekti” Ultra HDR bilen çalşyp, onuň güýjüni sazlap biler. HDR-displeýlerde suratlar has ýagty we janly görünýär.
Ultra HDR formaty diňe ýagtylyk baradaky maglumatlary saklaýar, şonuň üçin faýlyň göwrümi az bolýar, hil bolsa ýokary bolup galýar. Bu hem doly HDR faýlyny saklamak zerurlygy bolmazdan doýgun suratlary döretmäge mümkinçilik berýär.
Täzelenme ýuwaş-ýuwaşdan serwer arkaly ýaýradylýar, şonuň üçin käbir ulanyjylarda funksiýa birneme giç peýda bolar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....