Porsche yzy görkezýän kameradaky näsazlyk sebäpli 17 000-den gowrak Macan-y yzyna çagyrýar

  • 23.04.2025 15:07
  • 3k+

Porsche kompaniýasy yzy görkezýän kameranyň näsazlygy sebäpli 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda öndürilen 17 müňden gowrak Macan awtoulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Näsazlyk ekranyň ýüzünde hiç hili şekiliň bolmazlygyna getirip biler, bu dürli tarapa öwrülmegi we awtoulagy duralga goýmagy kynlaşdyrar, heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.

Porsche yzyna çagyrylmaga degişli ulaglaryň eýelerine eýýäm habar ugradyp başlady. Kompaniýa näsazlygy düzetjek programma üpjünçiligini mugt täzeläp bermegi teklip edýär. Düzediş işi gysga wagtda amala aşyrylýar.
Porsche-niň wekilleri Macan-yň eýelerini näsazlygy düzetdirmek üçin iň ýakyn hyzmat merkezine gyssagly ýüz tutmaga çagyrýarlar.


10.05.2026 21:39
3.3k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

25.04.2026 09:56
2k+

Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

18.03.2026 15:16
2.5k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...