Heýkeltaraş robot Renessans stilinde haýran galdyryjy mermer heýkelleri döredýär

  • 23.04.2025 13:06
  • 3.7k+

Internetde robotyň ýokary takyklyk bilen mermerden adam heýkelini ýasaýandygyny görkezýän wideo ýaýrady. Renessans stilinde heýkelleri döredýän EA roboty Monumental Labs kompaniýasy tarapyndan döredildi. Maşyn daşy suw bilen sowadyp ýonýar we öň diňe adam güýjüne başardar diýlip hasaplanan işi ýerine ýetirýär.

Bu wideo çekişmelere getirdi. Käbir adamlar bu tehnologiýany “sungaty ýok ediji” diýip atlandyryp, döredijilik işiniň geljegine alada bildirdi. Beýlekiler bolsa onuň täze mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

“Biz hudožnikleri çalyşmaýarys-da, olara gural berýäris. Biziň maksadymyz ozal millionlarça baha durup, köpýyllyk işi talap edýän zady köp sanly sargyt edijiler üçin elýeterli etmek” – diýip, kompaniýanyň wekili belledi. Monumental Labs öz programma we enjam üpjünçiliginiň daşyň ýonulmagyny kem-kemden awtomatizirläp, çykdajylary 90% azaldýandygyny belleýär.

Kompaniýa üç ölçegli skaneri we programmirlemäni ulanýar. Hudožnik modeli döredýär, EA ony seljerýär we robota hereketleriň yzygiderliligini berýär. Maşyn esasy işi ýerine ýetirýär, heýkeltaraş bolsa ony eýýäm kämil ýagdaýa getirýär.
Kompaniýa ahyrky ownujak işler üçin barybir adam eliniň gerekdigini belleýär.
Monumental Labs bir robotdan başlap, 19 hünärmenden ybarat topara çenli giňeldi. Nýu-Ýorkda onlarça ussatlaryň we robotlaryň işlejek ussahanasy gurulýar. Tehnologiýa çylşyrymly bezegleri we barelýefleri döretmek işini çaltlaşdyrýar.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......