Curioo Kids okuw merkezi tomusky tapgyra arzanlaşyk bilen ýazylmaga çagyrýar

  • 23.04.2025 11:13
  • 136k+

Her bir çaga özboluşlydyr: käbirleri ýaşlykdan surat çekmäge we döredijilige höwes bildirýär, beýlekiler bolsa okamak, ýazmak we analiz etmek bilen gyzyklanýarlar. Käbir çagalar aragatnaşyk etmegi we topar bilen işleşmegi halaýarlar, beýlekiler bolsa ümsümligi we özbaşdak jogap gözlemegi makul bilýärler. Çagalaryň gyzyklanmalaryny wagtynda duýmak we olara goldaw bermek möhümdir. Çünki geljekde gazanylýan üstünlikleriň binýady hut çagalykda tutulýar.

Aşgabat şäherinde “Bilesigeliji” okuw merkezi, döwrüň talaplaryna laýyk, çagalaryň ukyp-başarnyklaryna esaslanýan özboluşly usulyýeti hödürleýär. Bu usulyýet dünýäde giňden ulanylýan “Curioo Kids Global English Learning World” okuw maksatnamasyna esaslanýar.
Bu okuw meýilnamasy Kembrij uniwersiteti we Malaýziýanyň okuw maksatnamalarynyň esasynda taýýarlanyldy. Bu ýerde çagalar diňe iňlis dilini öwrenmegiň dürli usullaryny däl, eýsem şol bir wagtda iňlis dilinde:

  • tehnologiýalar bilen içgin tanyşmak;
  • döredijilikli dizaýn we telekeçilik esasly pikirlenme ukybyny ösdürmek;
  • şahsyýet hökmünde ösüşine goşant goşmak ýaly başarnyklaryny ösdürýärler.

Okuwlar interaktiw görnüşde, 10–12 okuwçydan ybarat toparlarda alnyp barylýar.
“CBAS” (Curioo Behaviouaral Aptitude System) atly ulgam arkaly çaganyň ukyby seljerilýär.
Okuwyň başynda çagalardan testler alynýar, ene-atalardan bolsa soragnamalar arkaly goşmaça maglumat ýygnalýar.

15-nji aprelden tomusky okuw möwsümine ýazylyşyk başlandy! 1-nji maýa çenli ýazylanlara 10% ARZANLAŞYK berilýär.
Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33

Habarlaşmak üçin: +993 71 803535;
+993 71 80-65-65;
26-69-65.

Instagram: @curioo.turkmenistan 
TikTok:
@curioo.turkmenistan


12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.7k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....