Simona Baýlz we Arman Dýuplantis “ýylyň türgeni” baýraklaryna eýe boldy

  • 22.04.2025 15:14
  • 4.3k+

21-nji aprelde Madridde geçen 25-nji Laureus World Sports Awards dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy türgenleri yglan edildi. Olar amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz we şwesiýaly ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis boldy.

Sport gimnastikasy boýunça ýedi gezek Olimpiýa çempiony we 23 gezek dünýä çempiony Simona Baýlz “Ýylyň zenan türgeni” ady üçin göreşde belarusly tennisçi Arina Sobolenkodan, “Barselonanyň” ispaniýaly futbolçysy Aýtana Bonmatiden we ýeňil atletikanyň üç wekili – niderlandly Sifan Hassandan, keniýaly Fait Kipýegondan we amerikaly Sidni Maklaflinden öňe geçdi.
“Ýylyň türgeni” ady üçin göreşde şwesiýaly şestli böküji, iki gezek Olimpiýa çempiony we iki gezek dünýä çempiony Arman Dýuplantis bolsa ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras, “Formula-1-iň” niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen, fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan we sloweniýaly welosiped ýaryşyna gatnaşyjy Tadeý Pogaçar ýaly bäsdeşlerden öňe geçdi.
Dýuplantise baýragy geçen ýylky ýeňiji – serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç gowşurdy.
Baýragyň gysga sanawy 70-den gowrak ýurtdan 1000-den gowrak sport KHBS-iniň gatnaşmagynda düzülýär. Ýeňiji Bütindünýä sport akademiýasy Laureus tarapyndan saýlanýar.

şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 22:55
3.7k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
4k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......