Magnus Karlsen Germaniýada geçen Grenke Freestyle Chess Open ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 22.04.2025 15:00
  • 3.7k+

Küşt boýunça dünýäniň on altynjy çempiony, norwegiýaly Magnus Karlsen Grenke ýyllyk küşt festiwalynyň çäklerinde Germaniýanyň Karlsrue şäherinde geçirilen Grenke Freestyle Chess Open 2025 ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

21-nji aprelde ýaryşyň soňky gününde ol iki döwde-de utup (format – 90 minut we göçüm üçin goşmaça 30 sekunt), ýaryşy dokuz tapgyryň jemi boýunça 9 utuk bilen tamamlady. Onuň yzyndan 7 utuk bilen ýedi oýunçy ýerleşdi.
Bu ýeňiş üçin Karlsen 60 müň ýewro we 2025-nji ýylyň iýulynda Las-Wegasda geçiriljek indiki ýaryşa ýollama gazandy. Umumy baýrak gaznasy 225 müň ýewro boldy, iň gowy 10 gatnaşyjy Freestyle Chess Tour-yň umumy sanawynda utuk gazandy. 

şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 22:55
3.7k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
4k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......