Daň ýyldyzy Wenera 24-nji aprelde öňküsinden has ýagty bolar

  • 22.04.2025 12:02
  • 4k+

24-nji aprelde Wenera (Zöhre) öz ýagtylygynyň iň ýokary derejesine ýeter. Live Science-yň maglumatlaryna görä, bu gün Günden ikinji planetanyň görünýän ýyldyz ululygy -4.4 bolar.

Indiki gezek planeta şeýle ýagtylygyna 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda ýetip biler.

Häzir Wenerany “Daň ýyldyzy” diýip atlandyrýarlar. 22-nji martdan ol gündogarda çykýar we Gün dogýança ýiti ýagty saçýar. Mundan öň ol Gün batandan soň günbatarda görünýärdi – şol wagt ony “Agşam ýyldyzy” diýip atlandyrýardylar.

Soňky aýlar Wenera Ýere golaý ýerleşýändigi sebäpli aýratyn ýiti ýagty saçýar. Bu Weneranyň öz orbitasy boýunça Ýere garanda has çalt hereket edýändigi bilen baglanyşyklydyr – onuň bir ýyly 225 gün, Ýeriňki – 365 gün dowam edýär. Ilki planeta Ýere ýakynlaşýar, soňra daşlaşýar.

Haçan-da Wenera Ýere golaý bolanda, ol has uly görünýär. Onuň şekili Ýerden seredeniňde Aýy ýada salyp, ýarymaý görnüşinde bolup bilýär. Sebäbi biz Weneranyň diňe ýagty düşýän tarapyny görýäris.

24-nji aprelde Gün Weneranyň diňe 23%-ini, 24-nji maýda bolsa 45%-ini ýagtylandyrar.

Ýagtylygyň iň ýokary derejesi 24-nji aprele gabat gelse-de, Wenera aýyň ahyryna çenli ýagty bolmagynda galar. 25-nji aprelde onuň ýanynda 8% ýagtylandyrylan ýarymaýy görmek bolar. Şeýle-de, tutuş aprel aýynyň dowamynda Weneranyň golaýynda Saturn hem görner. Live Science-yň maglumatlaryna görä, bellibir pursatda olaryň ýerleşişi ýylgyrýan ýüzi emele getirer.  


18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...