Rolls-Royce kaşaň küşt toplumyny hödürledi

  • 21.04.2025 23:07
  • 7.3k+

Rolls-Royce özüniň ýokary derejeli aksessuarlar hataryny täze küşt toplumy bilen giňeldýär. Bu toplum diňe brendiň resmi awtosalonlarynda we «Private Office» atly butiklerde satylýar. Keramika bilen örtülen alýumin we agaç şpon ýaly iň aňrybaş materiallardan taýýarlanan toplum küşt oýny bilen Rolls-Royce-yň özboluşly awtoulag estetikasyny özünde jemleýär diýip, «Carscoops» ýazýar.

Toplumyň özeni deri bilen örtülen tagtasy bolup, ol Rolls-Royce awtoulaglarynyň meşhur «şemally çyzyklaryny» ýatladýar. Onuň esasy aýratynlygy içine ýerleşdirilen magnitlerdir. Bu magnitleriň kömegi bilen, küşti hereket edýän ulagda, meselem, awtoulagyň yzky oturgyjynda ýa-da ýahtada hem oýnap bolýar, mallar goýlan ýerinden hiç hili süýşmeýär.
Bu toplum Rolls-Royce-yň ýokary hilli materiallara hem-de özboluşly dizaýn çözgütlerine bolan ygrarlylygyny görkezýär. Toplumyň alýumin detallary we şponirlenen elementleri şol bir agaçdan taýýarlanýar, bu bolsa nagyşlaryň utgaşyklygyny üpjün edýär.
Rolls-Royce diňe bir kaşaň awtoulaglary bilen däl, eýsem deri bilen örtülen şampan sandygy ýa-da şahsy ýük toplumlary ýaly eksklýuziw aksessuarlary bilen hem meşhurdyr.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...