2025-nji ýylda çykan täze aýdymlaryň tas bäşden biri EA tarapyndan döredildi – statistika

  • 21.04.2025 23:11
  • 3k+

Deezer aýdym-saz striming hyzmatynyň soňky geçiren gözlegine görä, 2025-nji ýylda häzirki wagta çenli platformalara ýüklenen ähli täze aýdymlaryň 18%-i dolulygyna emeli aň tarapyndan döredilen. Bu görkeziji emeli aň tehnologiýasynyň aýdym-saz pudagynda barha köp ulanylýandygyny tassyklaýar.

Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalary şeýle bir derejä ýetdi welin, olar pop-aýdymdan başlap elektronik sazlara çenli dürli žanrlarda özbaşdak kompozisiýalary döredip bilýärler. Munuň bilen birlikde diňleýjiler, käwagt, emeli aň tarapyndan döredilen aýdymlary hakyky artistleriň döredenlerinden tapawutlandyryp bilmeýärler.
Bu meseläni çözmek üçin görlen çäreleriň biri bolsa, tutuş emeli aň tarapyndan döredilen aýdymlaryň platformanyň teklip edilýän aýdymlar sanawyndan aýrylmagy bolup durýar. Bu «janly däl» mazmunyň ulanyjynyň tejribesine edýän täsirini azaltmaga we hakyky aýdymçylara artykmaçlyk berilmegini üpjün etmäge kömek edýär.
Şeýle ugruň ösmegi aýdym-saz jemgyýetçiliginde çynlakaý çekeleşikleri döretdi. Käbirleri täze tehnologiýalary döredijiligi hemmeler üçin elýeterli edýän ýol hökmünde garşy alsa, beýlekiler awtorlyk hukuklary hem-de sazandalygyň geljegi bilen baglanyşykly aladalaryny beýan edýärler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......