Hyundai akkumulýatorlarda ýangyn söndüriji ulgam döretdi

  • 21.04.2025 23:14
  • 4.1k+

Günorta Koreýanyň Hyundai Motor Group kompaniýasyna degişli bolan Hyundai Mobis atly awtoulag şaýlaryny öndürijisi akkumulýatorlaryň öýjüginiň tutaşmagyndan bäş minut soň, awtomatiki ýagdaýda ýangynyň öňüni alýan tehnologiýanyň döredilendigini mälim etdi. Täze modul diňe bir gyzgynlygyň goňşy öýjüklere geçmeginiň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem termiki partlamanyň (gyzgynlygyň birden ýokarlanyp, ýangynyň çalt ýaýramagynyň) hem öňüni alýar. Bu barada «Electrive» habar berýär.

Bu dünýäde ilkinji gezek durmuşa geçirilen çözgüt hökmünde görkezilýär. Ol hem enjamlaýyn (ýangyn söndüriji komponent we gyzgynlyga çydamly gaplama) hem-de programmalaýyn çözgütleri öz içine alýar. Ondaky programma temperaturanyň, basyşyň we naprýaženiýäniň görkezijilerine gözegçilik edýär.
Sensorlardan gelen maglumatlara esaslanyp, ulgam akkumulýatoryň esasy ýagdaýyny, ýagny ýylylyk derejesini, naprýaženiýäni we içerki basyşy yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Eger kadadan çykmalar ýüze çyksa, ulgam howp abanýan ýeri kesgitleýär we şol ýer üçin niýetlenen ýangyn söndüriji mehanizmi işjeňleşdirýär.
Akkumulýator ulgamynyň düzüminde ýörite ýangyn söndüriji serişdeler bar. Onuň mukdary adaty öý hojalykda ulanylýan 3,3 kilogramlyk ýangyn söndürijiden bäş esse köpdür. Bu reagentiň gyzgynlygy sowatmakda, izolýasiýa etmekde we ot alan ýere çuň aralaşmakda örän ýokary aýratynlyklary bar. Şeýle-de ol tebigata zyýansyz we adam saglygyna howp salmaýar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....