Rim papasy Fransisk 88 ýaşynda aradan çykdy

  • 21.04.2025 13:42
  • 10k+

88 ýaşynda Rim papasy Fransisk aradan çykdy. Bu barada Watikana salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi.

Fewral aýynyň ortasynda ol bronhit bilen hassahana ýerleşdirilipdi. Soň bolsa onuň ýagdaýy ep-esli ýaramazlaşdy – onda ikitaraplaýyn öýken sowuklamasy ýüze çykaryldy. Netijede, oňa birnäçe gezek öýkeniň emeli wentilýasiýasynyň enjamy birikdirildi.
Papa hassahanada bäş hepde bolup, dört gezek dem alyş kynçylygyny başdan geçirdi, iki gezek onuň jany howp astynda boldy. Kardinal Janfranko Rawazi “eger papa borçlaryny ýerine ýetirmekde kynçylyklar ýüze çyksa”, Fransiskiň wezipeden çekiljekdigini aýdypdy.
Rim papasy 23-nji martda hassahanadan çykaryldy. Şondan bäri ol diňe bir gezek köpçüligiň öňünde peýda boldy, ýöne birnäçe duşuşyklary geçirdi, aýratynam, aprel aýynyň başynda Britaniýanyň patyşasy Karl III-ni, Beýik şenbede bolsa ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wensi kabul etdi. 

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......