Bagama adalaryndan 1976-njy ýylda ýazylyp, çüýşede taşlanan hat tapyldy

  • 21.04.2025 12:26
  • 6.9k+

Doganlar Klint we Ewan Baffington Bagamalaryň kenarynda çüýşede 1976-njy ýylda ýazylan haty tapdylar. Bu barada olar WCVB-TV teleýaýlymynda gürrüň berdiler.

Bu tapyndy birnäçe hepde mundan öň, kenarýakada gezelenç wagtynda ýüze çykaryldy.
Bu hatyň awtory Massaçusets ştatynyň Günbatar Nýuberi şäherinden Pentaket orta mekdebiniň şol wagtky 14 ýaşly okuwçysy Piter Tompson bolup çykdy.
Hatda şeýle diýilýär:

“Bu çüýşedäki hat. Men Pentaket sebit orta mekdebiniň 9-njy synpynyň okuwçysy. Men okeanografiýa synpynda okaýaryn. Siz bu haty salgy boýunça iberip, ony nirede we haçan tapandygyňyzy aýdyp bilmersiňizmi? Ol 1976-njy ýylyň 19-njy maýynda kenarýaka goragçysy tarapyndan iberildi”.

Doganlar hatyň awtory Tompson bilen habarlaşdy. Ýöne Piter haty nähili ýazandygyny ýadyna düşürip bilmedi. Oňa derek ol okuw sapaklary baradaky ýakymly ýatlamalaryny paýlaşdy.

“Bu täsin. Bu tas 50 ýyl mundan ozal bolup geçdi, şonuň üçin bu hakykatdan garaşylmadyk waka” – diýip, ol aýdýar.

Tapyndy geçmişden hatyň onlarça ýyldan soň hem garaşylmadyk ýagdaýda yzyna dolanyp gelip biljekdigini ýatladýar.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......