Towuk öndürýan kompaniýa Trampyň wezipä girişmek dabarasyna iň köp pul beren kompaniýa boldy

  • 21.04.2025 12:16
  • 9.6k+

ABŞ-da iň uly towuk öndürijileriniň biri bolan Piligrim’s Pride kompaniýasy Prezident Donald Trampyň wezipä girişmek dabarasyna 5 mln dollar bagyş etdi. Bu şeýle goldawy beren ähli kompaniýalaryň  arasynda iň uly mukdardyr. Bu barada degişli sanaw bilen tanyş bolan The Wall Street Journal gazeti habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Trampyň inaugurasiýa komiteti tas 250 mln dollar ýygnady. Bu mukdar öňki rekorddan iki esse köpdür diýip, materialyň awtorlary belleýär.
Pul bagyş eden kompaniýalaryň arasynda iri kriptowalýuta kompaniýalary hem bar. Ripple kompaniýasy tas 5 mln dollar bagyş etdi. Robinhood Markets 2 mln dollar, Coinbase Inc. bolsa 1 mln dollar berdi.
Chevron nebit-gaz kompaniýasy 2 mln dollar bagyş etdi. Exxon Mobil, Occidental Petroleum we ConocoPhillips kompaniýalarynyň her biri degişli gazna 1 mln dollar iberdi.
Şeýle goldawy farmasewtika pudagynyň wekilleri hem hödürledi.
Şeýle-de, Amazon, ChatGPT hyzmatyny işläp düzüji, McDonald’s korporasiýasy, Delta Air Lines awiakompaniýasy, Nvidia tehnologiýa kompaniýasy, Boeing awiakonserni we beýlekiler 1 mln dollardan berdi.


29.05.2026 23:05
4.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
11k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.1k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......