Aýa aýak basan ilkinji adamyň altyn sagady auksionda 2,187 mln dollara satyldy

  • 20.04.2025 22:44
  • 8.3k+

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Kembrij şäherinde geçirilen RR Auction auksionynda, Aýa aýak basan ilkinji adama – Nil Armstronga degişli bolan altyn «Omega Speedmaster Professional» sagady satyldy. Ol 2,1875 million dollara satyldy we bu görkeziji astronawtlara degişli sagatlar boýunça täze rekord hasaplanýar diýip, «Space.com» habar berýär.

Ozalky rekord 2,163 million dollar bolup, ol Edgar Mitçelliň 2024-nji ýylyň güýzünde satylan «Rolex GMT-Master» sagadyna degişlidi.
Armstrongyň sagady 18 karatly altyndan ýasalan bolsa-da, ol hiç wagt Aýa äkidilmedi. Bu sagat oňa 1969-njy ýylyň noýabr aýynda, ýagny «Apollon-11» missiýasyndan dört aý soň, «Omega» kompaniýasy tarapyndan sowgat berlipdir. Şol dabarada, Hýuston şäherinde jemi 26 astronawta atlary ýazylan şeýle sagatlar gowşurylypdyr.
Sagadyň yzky gapagynda Armstrongyň ady, 17 belgisi we sowgatlyk ýazgy bar.


Sagady satyn alan adam öz adynyň aýan edilmegini islemändir. Sagadyň satylmagy bilen gazanylan serişdeleriň ýarysy, ýagny azyndan 850 müň dollar «Nil Armstrongyň ynanýan maksatlaryna» bagyşlanar.
Armstrongyň sagady auksionlarda kosmos bilen bagly satylan iň gymmat zatlaryň sanawynda üçünji orunda dur. Ol 2011-nji ýylda işewür Ýewgeniý Ýurçenko tarapyndan 2,88 million dollara satyn alnan «Wostok ZKA-2» sowet gämisiniň kapsulasyndan we Bazz Oldriniň 2022-nji ýylda 2,77 million dollara satylan Aýa uçanda geýen formaly penjeginden soň gelýär.


11.04.2026 10:28
3.9k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
3.9k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......

07.04.2026 11:08
3k+

NASA: Orion kosmos gämisiniň astronawtlary şu gün Ýerden rekord aralyga ýetdiler

Orion kosmos gämisiniň ekipažy Ýerden 406,773 kilometr uzaklyga uçup, adamzadyň täze rekordyny goýdy diýip, NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekmanyň sözlerine salgylanýan Bloomberg agentligi habar berýär....

16.03.2026 15:20
2k+

Alymlar garynjalaryň Aýa görä ugur kesgitläp bilýändigini anykladylar

Myrmecia midas görnüşindäki buldog garynjalary gijelerine özboluşly "aý kompasy" arkaly ugurlaryny kesgitläp bilýärler. Current Biology žurnalynda çap edilen makalada alymlar şeýle netijä gelipdirler. Bu gije gezýän...