Android 16 täzelenmesini aljak Samsung smartfonlarynyň sanawy

  • 20.04.2025 23:24
  • 3.7k+

Samsung ýakyn wagtda Galaxy AI emeli aň mümkinçilikleri bilen enjamlaşdyrylan One UI 7 täzelenmesini tanyşdyrdy we ony aprelden başlap ýaýradyp başlady. Häzirki wagtda bolsa öndüriji eýýämden One UI 8.0 täzelenmesiniň üstünde işleýär.

«Sammobile» portaly kompaniýanyň täzelenme syýasatyna görä, Android 16 esasly One UI 8.0 täzelenmesini aljak enjamlaryň sanawyny taýýarlady.
Portalyň ýazmagyna görä, One UI 8-de uly täzelikler bolmaz. Ol One UI 7 bilen girizilen aýratynlyklary kämilleşdirmäge gönükdiriler. Täze operasion ulgamynyň haçan çykjakdygy belli däl, emma maglumatlara görä, ol 2025-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda ýa-da awgustyň başynda ýaýradylyp başlanar.
Ine, geljekde One UI 8.0 täzelenmesini aljak enjamlaryň sanawy:

  • Galaxy S hataryndaky modeller: Galaxy S25, Galaxy S25+, Galaxy S25 Ultra, Galaxy S25 Edge, Galaxy S24 Ultra, Galaxy S24+, Galaxy S24, Galaxy S24 FE, Galaxy S23 Ultra, Galaxy S23+, Galaxy S23, Galaxy S23 FE, Galaxy S22 Ultra, Galaxy S22+, Galaxy S22, Galaxy S21 FE;
  • Galaxy Z hataryndaky modeller: Galaxy Z Fold Special Edition, Galaxy Z Fold6, Galaxy Z Fold5, Galaxy Z Flip6, Galaxy Z Flip5, Galaxy Z Fold4, Galaxy Z Flip4;
  • Galaxy A hataryndaky modeller: Galaxy A73, Galaxy A56, Galaxy A55, Galaxy A54, Galaxy A53, Galaxy A36, Galaxy A35, Galaxy A34, Galaxy A33, Galaxy A25, Galaxy A24, Galaxy A23, Galaxy A15 (LTE+5G), Galaxy A14 (LTE+5G), Galaxy A16 (LTE+5G), Galaxy A06;
  • Galaxy F hataryndaky modeller: Galaxy F55, Galaxy F54, Galaxy F34, Galaxy F16, Galaxy F15, Galaxy F06;
  • Galaxy M hataryndaky modeller: Galaxy M56, Galaxy M55s, Galaxy M55, Galaxy M54, Galaxy M34, Galaxy M53, Galaxy M33, Galaxy M16, Galaxy M15, Galaxy M06;
  • ·Galaxy Tab planşetleri: Galaxy Tab S10+, Galaxy Tab S10 Ultra, Galaxy Tab S10 FE, Galaxy Tab S10 FE+, Galaxy Tab S9 FE+, Galaxy Tab S9 FE, Galaxy Tab S9 Ultra (Wi-Fi/5G), Galaxy Tab S9+ (Wi-Fi/5G), Galaxy Tab S9 (Wi-Fi/5G), Galaxy Tab S8 Ultra (Wi-Fi/5G), Galaxy Tab S8+ (Wi-Fi/5G), Galaxy Tab S8 (Wi-Fi/5G), Galaxy Tab A9, Galaxy Tab A9+.

22.04.2026 16:50
827

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...