Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

  • 20.04.2025 21:54
  • 3.2k+

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi.

Uzynlygy 10,7 sm we ini 2,1 sm bolan şah çylşyrymly nagyşlar bilen bezelipdir. Sanly mikroskop onuň ilkibaşda igelenendigini, soňra nagyş ýasalandygyny görkezdi. Nagyşlaryň käbiri sähel tertipsiz ýerine ýetirilipdir, bu bolsa birnäçe adamyň işländigini görkezýär.
Alymlar şahyň şekilinden ugur alyp, onuň söweş paltasynyň sapy hökmünde ulanylandygyny çaklaýar. Soňra palta döwlenden soň, şahy garpuna öwren bolsalar gerek. Döwük yzlary bu çaklamany tassyklaýar.
Tapyndy Wettern kölünden Baltika deňzine akýan derýadaky daş platformada tapyldy. Onuň bilen birlikde süňk iňňesi, balyk çeňňekleri, daş paltalar, haýwanlaryň nagyşly süňkleri we adam kelleçanagynyň 20 bölegi tapyldy. Alymlar bu şahyň gurban etmegiň bir bölegi bolup biljekdigini öňe sürýär.
Strandwegen ýeri Şwesiýada iň uly mezolit ýerleriniň biridir. Radiouglerod senelenmesi ol ýerde b.e.öň 5800-5000-nji ýyllarda ýaşaýşyň bolandygyny görkezdi. Üýtgeşik şertler sebäpli şah ýaly organiki materiallar gowy saklanypdyr, bu bolsa şwed topraklary üçin seýrek ýagdaýdyr. 


düýn 20:06
1.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.5k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....