1980-nji ýyllaryň äheňinde Mercedes-Benz G-Class «Gelendwagen» tanyşdyryldy

  • 20.04.2025 20:13
  • 7.3k+

Mercedes-Benz kompaniýasy «Stronger Than The 1980s» (1980-nji ýyllardanam güýçli) atly çäkli nusgada çykaryljak G-Class modelini hödürledi. Bu model 1979-njy ýylda öndürilip başlanan taryhy «W460» ulagyndan ylham alnyp taýýarlanyldy. Bu barada «Automotive World» habar berýär.

Retro äheňdäki dizaýny häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrýan modelden bary-ýogy 460 sanysy öndüriler. Ýewropada bahasy 178 müň ýewrodan başlaýar. Ilkinji ulaglar müşderilere 2025-nji ýylyň ahyrynda gowşurylyp başlanar.
Ulagyň kuzowy üç taryhy reňkde hödürlenýär: ýaşyl, krem reňkli we çägesöw. Daşky görnüşi mämişi yzky çyralar (poworotnikler), gara bezeg elementleri, bäş spitsaly diskleri we öňki görnüşdäki Mercedes-Benz logotipleri bilen tapawutlanýar.

Islege görä ýörite syýahat üçin niýetlenen ekspedisiýa bagažnigi bilen hem enjamlaşdyrylyp bilner. Şeýle-de kuzowynda G-Class modelleriniň synagdan geçirilýän ýerleriniň (poligonlaryň) biri bolan Şokl dagynyň şekili bolan nyşan ýerleşdirilen. Salony gara deri bilen çal-gök mata we ýörite seriýanyň nyşanlary bilen bezelen.
Tehniki taýdan iki görnüşde hödürlenýär: turbodizel G 450d (362 at güýji) ýa-da benzinli G 500 (443 at güýji). Iki görnüş hem 9 basgançakly awtomatiki karobka we doly herekete getiriji ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Öndüriljek her ulaga «# of 460» (meselem, 460-yň birinjisi) ýazgyly ýörite bellikler ýerleşdiriler, bu olaryň näderejede seýrekdigini görkezer.



20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....